Grek Taňrylary

Şablon:Başga-da

Şablon:Grek mifologiýasy

On iki Olimposly

On İki Olimposlylar ýa-da Olimposlylar (Olimpiýan), Grek mifologiýasynda dünýäni dolandyrýan taňrylaryň topary. Özlerinden öňki taňry topary bolan Titanlary, Titanlar urşunda ýeňip , dolandyryşy ele salýalar. "Taňrylaryň Patyşasy" ady bilen Zeus, Olimposlularyň lideri hasaplanýar. Şazenany bolsa Zeusyň aýaly bolan Heradyr. Olimpos ady Gresiýanyň iň uly dagy bolan Olimpos dagyndan gelip çykýar. Taňrylaryň dagyň depesinde, bulutlaryň arasynda köşleriniň bardygyna ynanylýar. On iki belgi bolsa halkyň rowaýatlaryndan gelip çykýar. Ýewreýlerde on iki sany Ysraýyl tiresini, Çerkezlerde 12 sany uly tiräni, Hristiýanlarda Ysanyň |12 sany Hawarisini, Şaýylarda On iki ymamy, ýyldyzlarda 12 burçy aňladýar.San şeýle köp rowaýatlardan emele gelenligi sebäli grek taňrylary hem 12 sanydyr we 13 belginiň betmagytlyk getirýändigine ynanylýar. Meselem Iskandinaw mifologiýasynda taňrylaryň nahar stolunda 13-nji taňry Loki, gowulyk taňrysy Balderiň ölümine sebäp bolýar. Şol sebäpden hem On iki Olimposlynyň içinde hasap edilýän Hestiýa(Hestia), Diýonisos (Dionisos) Olimposa gelen wagty 13 taňry bolmasyn diýip ýerini oňa tabşyryp adamlaryň arasyna goşulýar.

Hadesiň ýeriň aşagynda , Poseýidoniň deňiziň aşagynda (Olimposyň daşynda) köşkleri bar. Ýene-de Demeter we Hestiýa mysallarynda görnüşi ýaly taňrylar islän wagtlary olimposdan çykyp ýa-da Herkül ýaly ýarym taňrylar ýa-da Ganymedes ýaly adam hem Olimpusa kabul edilýar.

Olimpos taňrylary iki bölege bölünýär. Birinji bölegi birinji dogulanlar, Titan nesilinden gelýänler. Ikinji bölegi bolan soňky dogulanlar- Zeusyň çagalary. Bulara diňe iki sany taňrylar degişli däldir .Afroditi titan Kronosyň kakasy Uranusyň deňize gaçan çyns organyndan dogup , titan nesilinden gelipdir. Beýlekisi bolsa Hephaýistos. Şazenany Hera Hephaýistosy ýeke özi dogurýar.

On iki Olimposly, käbir maglumatlarda tapawutly görkezilen. Aşakdaky jedwelde 11-nji we 12-nji taňrylaryň atlary ýazylan.

BölekGrek adyRimçe adySuratMeýdanSimbolÝeri
birinji bölekZeusJupiterZeusasman, howanyň görnüşleriÝyldyrym, bürgüt, meşe (agaç), galkan, hasaOlimpos
birinji bölekHeraJunoHeranika, aýal, berekettawus(guş), narArgos
birinji bölekPoseýidonNeptünPoseidondeňiz, ýer titremeüç dişli gazyk, dilfin, atPanionion
Üç dişli naýzaDemeterCeresDemeterdäne, ekerançylykbugdaý däneleriEleýusis
ikinji bölekAfroditVenüsAfroditsöýgi, owadanlykgül, kepderi, kypraKipr
ikinji bölekAthenaMinervaAthenaaksakgallyk, el işleri, uruş (taktika tarapdan)kaska, Aegis, naýza, baýguş, zeýtunAtina
ikinji bölekAresMarsAresuruşýabany doňuz, kaska, nazarkel(guş)Sparta
ikinji bölekApollonApollonApollonsungat we öňden görüjiLir, garga, hazynaDelfi, Didim
ikinji bölekArtemisDiýanaArtemisaw awlamak we oba dumuşyok-ýaý, keýikEfes
ikinji bölekHephaýistosVulcanHephaistosot we metalçylykÇekiçLimni
ikinji bölekHermesMerkurHermestaňrylaryň habarçysy we söwdagärkaskaKillene dagy
ikinji bölekDionisosBakusDionysosÜzüm, Şerap we keýpi-sapaÜzüm, Çita, Panter ýaly uly pişiklerNysa Dagy
Beýleki Olimposlar
GörnüşiGrek adyRimçe adySuratMeýdanBelgiÝeri
Birinji bölekHadesPlutonHadesÝeriň aşagygörünmezlik, Kerberos (üç kelleli it)-
birinji bölekHestiýa(Hestia)VestaHestiaMaşgalaOjak-


  • başga

Başga

  • Gaýiýa: (Ene toprak) topragyň we ýer ýüzüniň taňrysy.
  • Uranus: Gök ýüzüniň taňrysy.
  • Kronos: Saturn: wagtyň titany.
  • Kratos: gaýymlyk .
  • Pan: durnuklylygy we tebigaty goraýar
Other Languages
Afrikaans: Olimpiese gode
aragonés: Olimpians
azərbaycanca: Olimp tanrıları
беларуская: Алімпійскія багі
беларуская (тарашкевіца)‎: Алімпійскія багі
català: Olímpics
čeština: Olympané
Esperanto: Olimpanoj
hrvatski: Olimpski bogovi
Bahasa Indonesia: 12 Dewa Olimpus
íslenska: Ólympsguðir
italiano: Olimpi
Basa Jawa: 12 Déwa Olimpus
Lëtzebuergesch: Olympesch Gëtter
lietuvių: Olimpo dievai
latviešu: Olimpa dievi
македонски: Олимписки богови
Bahasa Melayu: 12 Dewa Olympus
Plattdüütsch: Olympsche Gödder
Nederlands: Olympische goden
norsk nynorsk: Dei olympiske gudane
پنجابی: 12 اولمپی
português: Deuses olímpicos
sicilianu: Olimpi
srpskohrvatski / српскохрватски: Olimpska božanstva
Simple English: Twelve Olympians
slovenčina: Olympskí bohovia
slovenščina: Dvanajst bogov Olimpa
српски / srpski: Олимпски богови
українська: Олімпійські боги
vepsän kel’: Olimpalaižed jumalad