Ýapon dili

Map Japanese SpeakingWorld.png

Ýapon dili (“Nihingo”, aýdylyşy “nihingo”, “nihöňňo”; ýap. 日本語) —Ýaponiýanyň ilatynyň milli dili bolup, dünýäde bu diliň 125 million adamdan gowrak ulanyjysy bardyr. Ol ýapon günorta-günbatar adalarynyň diller maşgalasynyň agzasydyr we mundan başga-da onuň koreý-altaý diller maşgalasyna gatnaşygynyň barlygy hakynda hem aýdylýar. Grammatik we sözlük aýratynlyklary esasynda bu diliň 2 görnüşi bardyr, ýagny hyöjungo-“standart ýapon dili” we kyötsügo-“umumy ýapon dili”. Standart ýapon dili (hyöjungo) syýasy dil hökmünde 1900-nji ýyla çenli ulanylypdyr. Soňra umumy ýapon dili (kyötsügo) ulanylyşa giripdir. Ýapon diliniň kýötsügo görnüşi häzirki wagtda gürleýişde ulanylsa-da, mekdepde okuwlar, teleradio gepleşikleri we syýasy resminama işleri hyöjungo görnüşinde alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýapon dili Ýaponiýada we Ýaponiýanyň daşyndaky döwletlerde jemi 130 million adam tarapyndan ulanylýar. Ýapon dili dünýäde iň köp geplenilýän dilleriň hatarynda dokuzynjy bolup durýar. Ýapon dili ýapon ýa-da ýapon-rýukýuan dil maşgalasyna degişli bolup durýar. Ýapon dili bilen baglanşykda ençeme dil maşgalasy agzalyp geçilýär ýöne bularyň hiç birisi hem alymlar tarapyndan biragyzdan kabul edilen däldir. Ýapon dili agglutinatiw dillerden bolmak bilen birlikde bu dilde hormat bilen ýüzlenmek üçin örän köp görnüşli sözler bardyr. Bu bolsa ýapon jemgyýetiniň köp gatlaklylygy bilen düşündirilip biliner.

Ýapon dili üç sany ýazgy arkaly ýagny üýtgedilen hytaý harplary (başgaça ady kanji), üýtgedilen hytaý harplarynyň iki bogunly görnüşi (başgaça ady hiragana) we katakana atly harplardan düzülendir. Döwrebäp ýapon dilinde latyn elipbiýi hem (ýapon dilinde romaji) ulanylýar. Latyn elipbiýi esasan şereketleriň ady, reklamalarda we ýapon harplary kompýutere geçirilende ulanylýar. San hökmünde bolsa arap sanlaryndan başga-da sino-ýapon (ýapon sanlary) giňden ulanylýar.Beýleki diller ýapon diliniň baýlaşmagynda örän uly orny eýeleýär. Hytaý dili ýa-da hytaý dilinden üýtgäp geçen sözler ýapon diliniň baýlaşmagynda azyndan 1500 ýyl bäri öz täsirini görkezip gelýär. XIX asyryň aýaklaryndan başlap hidi-ýewropa dil maşgalasyndan we esasanam iňlis dilinden ençeme söz ýapon diliniň has-da baýlaşmagyna getiripdir. Ýaponiýanyň XVI asyrda Portugaliýa bilen soňra bolsa XVII asyrda Niderlandiýa bilen söwda bolanlygy sebäpli ýapon diliniň baýlaşmagyna portugal we golland dilleriniň hem uly täsirleri bolupdyr.Geografiki taýdan ýapon diliÝapon dili diňe Ýaponiýanyň çäginde geplenilýär diýsek ýalňyş bolar. Ýaponiýa Koreany, Taýwany, Hytaýyň käbir ýerlerini ,Filippinleri we Ýuwaş okeandaky käbir ýerleri ikinji jahan urşy wagtlarynda basyp alypdyr.

  • Ýapon diliniň taryhy we aýratynlyklary
  • hiragana

Ýapon diliniň taryhy we aýratynlyklary

Ýaponiýadaky ýerli ilatyň dili we şiwesi II asyryň başlarynda Ýewropa ýakyn bolan aziýalylaryň we Ýuwaş umman adalarynyň ýaşaýjylarynyň gelmegi bilen üýtgänligi çaklanylýar. Emele gelen dili bolsa ýapon günorta-günbatar adalarynyň dilleri diýlip atlandyrylypdyr. III asyra degişli Hytaý resmi-iş kagyzlarynda gadymy ýapon sözleriniň birnäçesi gabat gelýär. Emma tutuşlygyna ýapon dilinde ýazylan resminamalara diňe 8 asyrdan soň gabat gelinýär. Ýapon diliniň köki hytaý dilinden gaýdan bolmasa-da, hytaý diliniň gadymy ýapon diline eden täsiri güýçli bolupdyr. Muny ýapon dilinde duşýan birnäçe hytaý sözleri bile düşündirmek bolar. Häzirki zaman ýapon dilinde bolsa ýewropa dillerinden gaýdýan birnäçe alynma sözlere hem gabat gelinýär.

Ýapon diliniň döwürleri:

  1. Gadymy döwür ýapon dili
  2. Irki döwür ýapon dili
  3. Giçki ýapon dili
  4. Irki häzirki zaman ýapon dili
  5. Häzirki zaman ýapon dili

Ýapon dili agglýutinatiw dildir (ýagny dürli morfemasy bolan sözleriň birigip, dürli sözleri emele getirmegi). Onuň çekimsiz sesleriniň uzynlygy we çekimileriniň  arassa aýdylmagy beýleki dillerden tapawutly fonetikany emele getirýär. Sözleriniň ýazylyşy boýunça ol üç topara bölünýär: hiragana katakana, kanji. Işlikler zaman we işlik şekilleriniň goşulmalaryny kabul edýärler.

Häzirki wagtda dünýäniň iň ösen uniwersitetlerinde ýapon dili ikinji dil hökmünde öwredilýär. Hatda orta mekdeplerde-de ýapon dili bardyr. Ýapon medeniýetiniň, tehnologiýasynyň, animasion filmleriniň ýaýramagy bilen bu dili öwrenmäge höwes edýän halklaryň sany barha artýar.

Other Languages
Afrikaans: Japannees
Alemannisch: Japanische Sprache
አማርኛ: ጃፓንኛ
aragonés: Idioma chaponés
Ænglisc: Iapanisc sprǣc
العربية: لغة يابانية
asturianu: Xaponés
azərbaycanca: Yapon dili
تۆرکجه: ژاپون دیلی
башҡортса: Япон теле
žemaitėška: Japuonu kalba
Bikol Central: Tataramon na Hapones
беларуская: Японская мова
беларуская (тарашкевіца)‎: Японская мова
български: Японски език
भोजपुरी: जापानी भाषा
Bahasa Banjar: Bahasa Japang
བོད་ཡིག: ཉི་ཧོང་སྐད།
brezhoneg: Japaneg
bosanski: Japanski jezik
буряад: Япон хэлэн
català: Japonès
Mìng-dĕ̤ng-ngṳ̄: Nĭk-buōng-ngṳ̄
нохчийн: Японийн мотт
Cebuano: Hinapones
čeština: Japonština
словѣньскъ / ⰔⰎⰑⰂⰡⰐⰠⰔⰍⰟ: Ꙗпѡньскъ ѩꙁꙑкъ
Чӑвашла: Япон чĕлхи
Cymraeg: Japaneg
Zazaki: Japonki
dolnoserbski: Japańšćina
ދިވެހިބަސް: ޖަޕާނީ
Esperanto: Japana lingvo
español: Idioma japonés
euskara: Japoniera
estremeñu: Lengua japonesa
føroyskt: Japanskt mál
français: Japonais
Nordfriisk: Japoonsk spriak
Frysk: Japansk
Gagauz: Yapon dili
贛語: 日语
Gàidhlig: Iapanais
Avañe'ẽ: Hapõñe'ẽ
Gaelg: Shapaanish
客家語/Hak-kâ-ngî: Ngi̍t-pún-ngî
עברית: יפנית
Fiji Hindi: Japanese bhasa
hrvatski: Japanski jezik
hornjoserbsce: Japanšćina
Kreyòl ayisyen: Lang japonè
magyar: Japán nyelv
հայերեն: Ճապոներեն
interlingua: Lingua japonese
Bahasa Indonesia: Bahasa Jepang
ГӀалгӀай: Японий мотт
íslenska: Japanska
日本語: 日本語
la .lojban.: ponbau
Basa Jawa: Basa Jepang
ქართული: იაპონური ენა
Qaraqalpaqsha: Yapon tili
Taqbaylit: Tajapunit
Адыгэбзэ: Японыбзэ
қазақша: Жапон тілі
kalaallisut: Japanimiusut
ភាសាខ្មែរ: ភាសាជប៉ុន
한국어: 일본어
коми: Япон кыв
kernowek: Nihonek
Кыргызча: Жапон тили
Lëtzebuergesch: Japanesch
лезги: Япон чIал
Lingua Franca Nova: Nion (lingua)
Limburgs: Japans
lingála: Lizapɔ́
lietuvių: Japonų kalba
latviešu: Japāņu valoda
Basa Banyumasan: Basa Jepang
мокшень: Япононь кяль
Malagasy: Fiteny japoney
олык марий: Япон йылме
Māori: Reo Hapani
Baso Minangkabau: Bahaso Japang
македонски: Јапонски јазик
монгол: Япон хэл
Bahasa Melayu: Bahasa Jepun
မြန်မာဘာသာ: ဂျပန်ဘာသာစကား
مازِرونی: جاپونی
Dorerin Naoero: Dorerin Djapan
Nāhuatl: Xapontlahtolli
Nedersaksies: Japans
नेपाल भाषा: जापानी भाषा
Nederlands: Japans
norsk nynorsk: Japansk
norsk: Japansk
occitan: Japonés
Kapampangan: Amanung Hapones
Picard: Japonoés
Piemontèis: Lenga giaponèisa
پنجابی: جاپانی
português: Língua japonesa
Runa Simi: Nihun simi
română: Limba japoneză
tarandíne: Lènga giapponese
русиньскый: Японьскый язык
Kinyarwanda: Ikiyapani
संस्कृतम्: जापानी भाषा
саха тыла: Дьоппуон тыла
davvisámegiella: Jáhpangiella
srpskohrvatski / српскохрватски: Japanski jezik
Simple English: Japanese language
slovenčina: Japončina
slovenščina: Japonščina
Gagana Samoa: Fa'aiapani
Soomaaliga: Af-Jabaaniis
српски / srpski: Јапански језик
Basa Sunda: Basa Jepang
svenska: Japanska
Kiswahili: Kijapani
ślůnski: Japůńsko godka
తెలుగు: జపనీస్
Tok Pisin: Tokples Siapan
Türkçe: Japonca
татарча/tatarça: Япон теле
reo tahiti: Reo Tāpōnē
ئۇيغۇرچە / Uyghurche: ياپون تىلى
українська: Японська мова
oʻzbekcha/ўзбекча: Yapon tili
vepsän kel’: Japonan kel'
Tiếng Việt: Tiếng Nhật
Volapük: Yapänapük
Winaray: Hinapon
吴语: 日语
მარგალური: იაპონური ნინა
ייִדיש: יאפאניש
Yorùbá: Èdè Japaní
Vahcuengh: Vah Nditbonj
中文: 日语
文言: 日語
Bân-lâm-gú: Ji̍t-pún-gí
粵語: 日文
isiZulu: IsiJapani